Ussat şahyrymyzyň «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynda türkmen ýigidine mahsus bolan mertligiň, batyrlygyň, edermenligiň şöhlelenişini görmek bolýar:
Mert çykar myhmana güler ýüz bile
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.
Bu setirde şahyrymyz türkmen ýigitleriniň mertlik sypatyny goşgy setirlerinde çeper görkezýär.
Ýaşlarymyzy mertlik, batyrlyk, gahrymançylyk ruhunda terbiýelemekde hem dana atamyz Pyragynyň goşgulary örän uly ähmiýete, çuň many-mazmuna eýedir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan syzylyp çykan, «Mertler Watany beýgeldýär» diýen gymmatly eseri Magtymguly Pyragynyň mertlik, batyrlyk häsiýetli şygyrlaryny dowam etdiriji eserdir. Watan mertleriň goraglaýan mukaddesligidir. Akyldar şahyrymyz il gününiň bir supra başyna jemlenip agzybirlikde ýaşamagyny arzuwlapdyr. Ine, bu gün bolsa Pyragynyň arzuwlan zamanasy geldi. Gahryman Arkadgymyzyň esaslandyran döwletlilik ýoluny Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň ýaşlaryna nusgalyk, göreldeli gadamlar bilen dowam edýär.
Türkmen ruhunyň almaz täji Magtymguly Pyragynyň ähli goşgulary adamzat jemgyýetindäki terbiýäniň, belent adamkärçiligiň ähli görnüşini, many-mazmunyny, özenini özünde jemleýär. Şahyryň haýsy goşgusyny okasaň hem paýhas ummany kalbyňa dolýar. Şol giň ummany kalbynda jemlän her bir adam belent ahlak gözelligini özünde saklap şonuň bilen Watany gülledýär.
Adamzat kalbynyň şahyry Pyragynyň «Ýagşy» goşgusynda az sözlülik, söz sözläniňde sözüň aslyna ýetip sözlemek ündelýär:
Ümsüm otyr, halk içinde sözleme,
Sözlär bolsaň, söz aslyna ýeten ýagşy.
Türkmen halky söze mukaddeslik hökmünde garaýar. Şonuň üçin hem Oguz han atamyz «Çaga sözi manysy bilen öwret» diýipdir.
Halk döredijiligimizdäki «Dil bela, diş gala» diýen nakyl hem muny tassyklaýar, çünki manysyz köp gürleýän adamy halkymyz hem halamaýar, ýalan sözüň türkmen jemgyýetinde orny ýokdur. Dogruçyllyk ata-babalarymyza mahsus bolan sypatlardyr. Pederlerimiz sözleýiş medeniýetine aýratyn orun beripdir.